Hünär boýunça ösüş

MTS-de hünär boýunça ösüş

MTS kompaniýasy tejribeli hünär ussatlarynyň, şeýle hem dürli düzümlere işe çekilýän ýaş hünärmenleriň innowasion we intellektual mümkinçiliklerine daýanýar.
 
Biziň işgärler toparymyz – bu öňdebaryjy tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, netijä gönükdirilen, toparda netijeli işlemegi başarýan, başlangyçlar bilen çykyş etmekden gorkmaýan, şeýle hem çeýelik we müşderä gönükdirilenlik ýaly häsiýetlere eýe bolan hünär ussatlarydyr.
 
MTS işgärleriň öňünde çylşyrymly we gyzykly wezipeleri goýýar hem-de öz işgärleriniň elmydama ösmegi üçin şertleri döredýär. Işgärler syýasatynyň iň möhüm artykmaçlyklarynyň biri, işgärleriň ösmegine maýa goýumlar bolup durýar. MTS-de Korporatiw uniwersitet hereket edýär, işiň dürli ugurlary boýunça okuwlar, şol sanda daşary ýurtlaryň okuw merkezlerinde hem guralýar. Biziň kompaniýamyz öz işgärleriniň hünär taýdan ösmegine gyzyklanma bildirýar.
 
MTS işgärlere oňaýly we howpsuz iş şertlerini üpjün edýär hem-de Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda durmuş kepillendirmelerini berýär.
 
Kompaniýanyň her bir işgäriniň üstünligi ep-esli derejede toparda işlemek, goýlan wezipeleri çözmek we müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilmek ukyplaryna we başarnyklaryna bagly bolup durýar.