Nädip "MTS-Türkmenistanyň" işgäri bolmaly


MTS-iň işgäri bolmak üçin, bellenen nusgadaky maglumatnama-arzany doldurmak zerurdyr.
Maglumatnamanyň blankyny şu ýerde almak bolýar (aşak seret).
 
Maglumatnamada görkezilen ähli meýdanlary doldurmagyň zerurdygyna ünsüňizi çekýäris, maglumatnama ýüz tutýanyň foto suraty ýelmenen we onuň goly çekilen bolmaly.
Doldurylan anketalary MTS kompaniýasyna aşakdaky usullar bilen ýetirmek bolýar:
 
  • Maglumatnamanyň skanirlenen nusgasyny job@mts.tm elektron poçta salgysyna ibermek.
  • Maglumatnamany Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow şaýoly, 85 salgysy boýunça MTS-iň gorag nokadyna getirip tabşyrmak. Kabul edilen ähli maglumatnamalar gelen hat-habarlary hasaba alyş kitabynda hökmany tertipde hasaba alynýar.
  • Maglumatnamany poçta arkaly, buýurma hat boýunça Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow şaýoly, 85 salgysyna ibermek
Biz Siziň ýüz tutmaňyzyň we maglumatlaryňyzyň ýaşyrynlygyny kepillendirýäris.

Eger-de Siz kompaniýanyň işgärleri tarapyndan haýsydyr bir öte geçmeler bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, bu barada complaint@mts.tm elektron poçta ýa-da Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow şaýoly, 85 salgysy boýunça habar bermegiňizi Sizden haýyş edýäris.